22:54 Kalbyň ýaz, läläm | |
|
Ýylgyrşyň ýazlardan ýaradylypdyr, Gaharlanaňda-da meňzäňok gyşa. Şonuň üçin ýaz ýürekli ýalňyzym, Çytylan gaşlaňdan etmen endişe. Ýylgyraňda gözellikde deňsiz sen, Has gözel sen gaharlanan mahalyň. Ýüregiňden orun tapmandyr buzlar Özi bolup dogulaňsoň baharyň. Şonuň üçin ýalkasaňam ýalkanyş, Ýazgarsaňam, ýene ýalkan ýaly sen. Men barybir bahar görýän gözleňde, Gaharlyjam, Ykbalymyň ýazy sen. 13. 10. 2011 ýyl | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
