14:04 Kämillik ýolunda | |
Barha uzap barýan uly ýollarda Bilmez ýaly kämilligiň serhedin, Olar meni şaha kimin döwdüler, A men bolsa polat kimin berkedim. Ýörän çagym topragyma daýandym, Ýykylamda bolsa badaşdy ýürek... Hawa-da, bug bolup galmagyň üçin Ilki ot üstünde gaýnamak gerek. Däli derýalaryň akymy ýaly Ýürek damarynda aksa-da al gan, Meger özbaşyna jansyz göwredir, Kämillik ýoluna ýetmedik ynsan. Ömrüm ahyrlasa, mazar daşyma Ýazaryn ömrümiň iň soňky bendin: Olar meni öldi diýip gömdüler, A men bolsa indi-indi direldim. 09.11.2018 | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
