07:45 Kemçiniñ ölümi | |
|
▶ KEMÇINIŇ ÖLÜMI Ýok, dost, ýol galmady buýtar-suýtara, Haýsymyzyň kalbyn awlamady ol? Haram duýgymyza meý bere-bere, Haýsy gujaklarda galgamady ol! Biz perde edinip kasamdan, şertden, Gijäni Geýnäniň şygryndan açyp, Syndyrdyk ynama meýilli erkin, Al bile içinden-bagryndan geçip. Kim oýlandy, kim aýlandy aklyna, Gyzgyn lezzet alyp sowuk gujakda? Söýgä däl, bagta däl hem durmuşa däl, Ony nirä alyp barýanmyz hakda? Ine ýene aldap özi-özümiz Hem basalyk berip otly gussa-da, Tabydy däl, elhenç günämizi biz Egne alyp barýas mazarystana. Bessir, ýol galmady buýtar-suýtara, Boýun alalyň biz gynaman jany, Ynam bile äkitdi ol gabryna Biziň ak lezzetli gara wyždany. * * * Maňa ogşamany öwretdi aýal. Dostlar öýkäni. Wagtynda gadryny bilmedik atam Ogly söýmäni, Kynçylyk gülmäni, Meýlis ölmäni... Kän öwrendim, ýöne ony ýazmadym. Maňa ogşaşmany öwretdi aýal. Soň söýgä uçradym, Nädip ýanmarsyn?! | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||
