23:19 "Kim aýdypdyr: - Öldi- diýip- Ependi..." | |
Kim aýdypdyr: - Öldi- diýip- Ependi, Ýok, ölenok, Dünýä indi, Ýaňadan! Anha, barýar ak eşekli Ependi, Depeden-depä, Obadan-oba. Ýatmaz ýerde her şadyýan gep indi. Duzlap ýör ol syrnyhy, Gözläp ýör ol myrryhy. Dilde “bismilla” diýse-de, Unudyp ýör Allany, Iki sözüň birinde, Adamlary aldany. Alasamsyk mollany, Ak mata bilen orap, Orta çykan kelläni. Baran ýeri ala-ýaz, Baran ýeri şagalaň. Gelse gelsin gahary, Öýde ýatan gagalyň, Ile gülki şagalyň. Kim aýdypdyr “Öldi” diýip Ependä, Ýok, ol diri, aýlanyp ýör eşekli. Başynda çüri telpek, Aýagynda-da çepek, Bili guşakly. “Hih” diýip, bir dürtende, Durmaz obaň çetinde. Sagynda Aldarköse, Kemine hem çepinde. Gün-güzeran, gam-gussa, Ýada düşmeýär indi. Adamlar garaşyp ýör, - Geler– diýip, Ependi. Maşalla, Ependi, maşalla, Kakmaz haram heşelle! 15.03.2023. Ilýustrasiýa: Mahmud Eşonkulowyñ "Hoja Nasreddin" karikaturasy. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
