07:28 Köçe kyssasy | |
|
ýa-da sübsegär gyzlara Süpürýän dek haly, palas, keçäni, Gije-gündiz süpürýäňiz köçäni. Al asmanda bolsa gara bulutlar, Guýup dur ýagşy. Kelesaň biriniň maşyny gelip, Kakmasa ýagşy... Ýaşyrýan dek köçedäki kesbiňiz, Ýaglyk bilen çolapsyňyz keşbiňiz. Tüp yssyda, Şatylama aýazda, Esgeriň serhedi goraýşy ýaly, Eliňizde sübse, Gije-gündiz süpürýäňiz köçäni. Süpürýän dek keçäni. Tomusyň tüp yssysy, Hem maşynlaň tüssesi. Köýen arzuwlaryň ýürek gussasy, Ýetde-gütdelik azary, Bularyň bary, Köçe kyssasy. Gyzlar, mährem gyzlar, gül meňiz gyzlar, Size elmydama başym egerem. Ýüzüňize çolanyňyz ak ýaglyk, Gözýaşyňyz gizleýändir megerem... 13-29.11.2013. | |
|
| |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
