00:48 Kolhoz agysy | |
Kolhozyň meýdany, kolhozyň bagy, Kolhozçylar hem kolhozçy aýal-gyz, Kolhozyň kontory, kolhozyň maly, Hem öňdebaryjy kolhoz başlygy, Kolhoz buhgalteri, kolhoz kassiri... Gaty köp zat degişlidi kolhoza, “Sanasaň sogaby bar” diýilýäni... Çyn daýhan bolanda kolhoz başlygy, Gün-günden pajarlap ösýärdi oba. Ýöne öz bähbidin arap işläniň, Süýrenýärdi hojalygy iň yzda. Niçeme çyn Gahrymanlar döräpdi, Il guwandy, ýurt guwandy olara. ...Sorady agtygym kolhoz barada, Jogap bermän dymdym, näme diýeýin? Düşünmersiň ýaşamasaň kolhozda. Ýöne weli magat bir zady bilýän, Kolhoz kolhozçylaň arkadagydy, Bilmedim nämüçin kolhoz dagady?! Agyp-dönüp ýören dowar sürüsi, Dagda, düzde, çölde... giden örüsi. Alabaý zorundan gaçar börüsi, Zootehnik, weterinar, fermasy, Kolhozçylaň bir-birege armasy, Ýeňijiler sosialistik ýaryşda... Barysy boldy ýat, Bary indi mat. Demir gala bolmuş berbat. Ýatlap bu gün kolhozy, Hem-de urlan sowhosy, Ýadyma düşdi obamyň, Ýykylan çynar, hozy... Kolhoz kolhozçylaň arkadagydy, Bilmedim nämüçin kolhoz dagady?! 18-20.03.2023. | |
|
| |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
