22:54 Konfusiý | |
Hyzmatynda bolup niçe häkimiň, Kabul etmändir ol herki hökümin. Ýaramandyr Konfusiniň göwnüne, Sanjylan pyçak deý häkim göwsüne. Birisi heleýbaz, Biri humarbaz, Biri zalym, Birisinde ýok tälim. Terk edipdir ol bezemen öýleri, Dünýäni ýuwutmak bulaň küýleri. Haýyr-sahawatdan doly Konfusiý, Obalardan obalara aşypdyr, Baran ýerne pähim-paýhas daşapdyr. Baýlyk diýip hars urmandyr Konfusiý, Baý malyna ýük gurmandyr Konfusiý. Ýetde-gütdelikde ötüpdir ömri, Ýepbeklejek däl men muň üçin döwri. Ýaşanda ýaşapdyr etmän hederi, Goýmandyr diýýärler baýlar gadyry. Şeýlemişin şol adamlaň takdyry. Paýhas eleginde elenen sözler, Gaýtalapdyr muny beýikler, pesler. Niçeme-niçeme nesiller geçdi, Niçeme-niçeme asyrlar geçdi, Men-men diýen baýlar, hanlar ötüpdir, Taryhdan olaryň ady ýitipdir. Parasatly Konfusiý Seň kalbyňda ýaşaýar, Meň kalbymda ýaşaýar. Pähim-paýhasa teşne Ynsanlaryň kalbynda. Ene hüwdüsini salýar ýadyňa, Gyssanaňda ýetişýär ol dadyňa. Ol betpäliň maňlaýyna urgudy, Bilseň, ol ötleden dörän burgudy. “Bir-birege haýyr bolup ýaşaň siz!”, Ine, Konfusiniň bize sargydy. 26.04.2024. | |
|
| |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
