10:07 Kürsüli, gürzüli adam | |
|
Ony göter-göter edip, Oturtdylar kürsüde. Oñ eline berdiler Bir ullakan gürzi-de. Ýalkanyny ýaz etdi, Gargan ýerin ýas etdi. Halamasa, gürzüsini eñterdi. Men-men diýen ýigitleri Gapy-gapy entetdi. Wagty ýetdi. Eñterdiler özüni Tasdanam açypdylar Türmelerde gözüni. Indi onuñ kürsüsinde Otyr entäniñ biri. Indi öñki gürzüli Gapy-gapy enteýär. Arza-şikaýat baryn Yz-yzyna eñterýär. Hiç gapyda diñlänoklar arzyny. (Kime gerek, ýitireñsoñ kürsüñi?!) Haly harap, ýüz-gözünde yşnak ýok, Adalatyñ ýeñýändigne düşnenok. • BIR TANŞYM BAR... Bir tanşym bar, diñleseñ, Özüñden göwnüñ geçer. Başyña täç edip ýören Uzuñdan göwnüñ geçer. Saçakdaky nanyñdan- Duzuñdan göwnüñ geçer. Diñläp otursañ ony, Dünýeler Çöwrüljek-çöwrüljek ýaly. Bu gyşlar, al baharlar Göge sowruljak ýaly. Diñläp "häsin" berip otursañ, garaz, Zenan tohumyny çykar zaýalap. Soñ özüñe weli gelip bileñok, Ne-hä gülüp bilýäñ, Ne bilýäñ aglap. Allaýar ÇÜRIÝEW. "Tokmak" žurnaly, 1991. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
