19:04 Kyn ýol | |
|
Doglup-döräp Adamzat, Geçýär ömür menzilin. Täzelik däl bu zatlar Ýyllar hem asyr üçin. Akyl kesişine bap Görjek eşret-hezilin. Atlanan kyn ýoluñda Biljekmi menzil geçip?! Bolubilseñ bir öýüñ Söýesi hem çyragy. Uzak gidip kerwenin Hedersiz howp-hatardan. Goş ýazdyryp geçendir Bu ýollardan Pyragy. Goýup öçmez yzyny Çekip döwrüniñ derdin. Deñiz görmän, gomlara Döşüñ germek ne hajat?! - Ol apat Däl ahyry Akar ýabyñ tolkuny. Agramyny saldarlap. Hažžyk ýaly çişirmek Nämä gerek alkymyñ?! Daglara haýbat atmak Gedemlikden nyşana. Päli pesleñ derdine Ýanar keremli daglar. Kyn ýol Däl seniñ üçin Keýphana ýa aşhana - Munda ýatyr göreşler Dözülmeli pidalar. Paýymyza düşüpdir Bu kyn ýollañ öwrümi. Ýaşamaly döz gelip Kynçylygyñ oýnuna Goşup bilýärmiñ sesiñ Aýdymyna döwrümiñ?! - Çözgüdi kyn müñ sowal Adam, seniñ boýnuñda. Näzik ANNATYÝEWA. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
