08:47 Ýaman söz we ýagşy söz | |
|
I. Bir ýaman söz çykdy zybandan, Ýagşa degdi, ot oklandy kalbyna. Entiredi, köz basyldy dabanna, Gitdi, ýaman sözem gitdi oň bile. Beýlekem öz ýolun eýledi dowam, Hiç zat diýmedik deý, keýpi çag örän. Megerem, görmändir hiç hili zowal, Hiç haçan, hiç kimden, dogulyp-döräp. Hemme ýerde ol ýaman söz ýagşyny Ýanap gezdi, kölgesi deý galmady. Wah, neresse, gujaklan deý wagşyny, Şol söz bilen ýatdy, turdy, bolmady. Dalak deý ýapyşyp, ornan ýüregne, Ahyr baryp bile girdi mazara... Söz eýesi çepbe çeýnäp çöregni,. Ýaşap ýör, hiç bir zat däl oň azarna. Gursagyňda ýaman sözleň köki bar, Ol kökdenem ýaman tohum köpelýär. II. Bir ýagşy söz çykdy ýagşy zybandan, Dertlä degdi, melhem düşdi kalbyna. Gurbatlanyp, ýeňläp gitdi dabany, Ýagşy sözem bile gitdi oň bile. Beýlekem öz ýolun eýledi dowam, O dertliň halyna gynanyp soňam, Ol özüne berdi şeýle bir sowal: “Heý, nepiň, degmezmi birine seniň?!”. Ol ýagşy söz boldy dertliň söýdügi, Göwnün galkyndyrdy, ýeňletdi ýükün. Bile ýatdy, bile turdy, şeýdibem, Soguryp taşlady derdiniň kökün. Ýagşy sözüň, eýesini soraglap, Gözleginde gezýär dertden saban. Ynsan kalbyn, adam göwnün goraglap, Hemişe hoş sözler eçilsin zyban. Näzik ANNATYÝEWA. | |
|
| |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 3 | |
|
| |
