00:20 Zenanlar | |
Gitdigiçe gyzdy söhbet Göwher-merjen barada. Ýüzük, syrga barada. Iňňäň gözi ýaly göwher lowurdap, Öwşün atdy sülük deý ak barmakda. Dünýä ýalkym salyp owadan ýakut Gün deý ýandy gulakda. Arman, şol öwüşginleň ýüzden biriçe Ýagty ýokdy ýürekde. “Iki müňe sowgat etdi adamym, Nikamyzyň dolanda on ýyllygy”. Bir zenan ýer dyrmap, pikire batdy, Diýdi – Taňrym, bol ýerinde bollugyn. Hem gizlejek bolup boş barmaklarny, Galdy bir derde. Başga biri bolsa taryplabildi Tikdiren köýnegin soňky modada. Gülli nah matadan köýnekli gelin Barmaklary boş zenana seretdi. Sözledi akylly nazary bilen, ...Söhbet gyzyp, ýetjek ýerine ýetdi: –Göwher moda. Indi altyn ýüzükler Bar kimde diýseň. Bolanyna görä, ýaşan deý ýaşa, Bu dünýäge gaýdyp geleňog-a sen. –Wah, näsini aýdýaň? Eger şu gezek Tutuş gelse adamymyň aýlygy, Alsam diýýän göwher gaşly bilezik. Olam maňa garşy gidip duranok, Näme diýsem ilgezik... Adamsynyň bäş ýyl öňki paltosy, Şol bir penjek-jalbary Birden düşüp o zenanyň ýadyna, Oňaýsyz ýagdaýda turdy-da gitdi. Çit köýnekli zenan asmana garap, Geçip barýan durnalara seretdi. Hem diýdi pyşyrdap özi-özüne: Meň göwherim çagalarmyň saglygy, Adamymyň begenji. Her säher parahat örsek ojakda, Şol käni-genjim. Meň merjenim säher açylan güller Hem çyglar gunçalaň boýnuna düzlen. Maňa çit köýnegi bol-elin berse, Bereketden doly ýaýlarar, düzler Hem arassa bolsa şu mawy asman, Adamlara baky dilesem aman. Ah, zenanlar, Biri-birine asla Meňzemeýän zenanlar. Kimleň dünýäsi göwher, Ol gurbany baýlygyň, Kimler bolsa mydama Soňky “moda” edinip, Diläp gezýär saglygy. Aýdym ýazyň, şahyrlar, Kä zenanlaň ýüregne Dakar ýaly ýakuty, Düzer ýaly göwheri. Sözlerňiz mukam bolup Dolsun olaň kalbyna. Göwher däl-de, durmuşdan Bolsun olar mydama Arassa bagt algyly... Gollary däl – Kalby bolsun göwherli, Boş göwre däl, – Ýürek bolsun baharly! Näzik ANNATYÝEWA. | |
|
| |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
