23:01 Mawy gözli äpet adam | |
|
Mawy gözli äpet bir adam bardy. Ol söýdi müçesi kiçi aýaly. Bagda gurlan bir kiçijik jaýdady emma ol aýalyñ pikir-hyýaly. Gowy boljak äpişgäniñ düýbünde açylsa burk ursa reýhan gülleri, emma äpet adam hut äpetleriñ söýüşi dek söýmekçidi dilberi. Äpet iş küýseýär äpediñ göwni. Aýnalary uly, binýady gaty jaý gurup bermäge onuñ meýli ýok, äpet-äpet işden agtarýar bagty. Mawy gözli äpet bir adam bardy. Ol söýdi müçesi kiçi aýaly. Aýalyñ göwnüne makul bolmady Äpediñ pygyly - ýöreýän ýoly. Kiçijik aýalyñ göwni küýseýär bag-bakja gark bolup oturan jaýy. Mawy gözli äpet bilen hoşlaşyp, saýlady ol hatyn bir göýdük baýy. Aýnalary uly, düýbi reýhanly bir jaýa aýaly äkitdi göýdük. Äpetden ýüz öwren kiçijik aýal göwün maksadyna gowuşdy şeýdip. Emma äpet adam düşünýär indi: tas ömrüni eden ekeni zaýa. Onuñ äpet yşky sygjak däl eken. Düýbi reýhan gülli kiçijik jaýa. 1930 ý. Nazym HIKMET. Terjime eden: Allaberdi HAÝYDOW. | |
|
| |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||
