16:16 Men | |
Nobatguly Rejebowyň äheňinde Gara çynym bilen öwünjek şu gün, Ynanjaňlar biljek bolsun pal atyp. Men dünýäniň açylmadyk genisi, Men dünýäniň bilinmedik halaty. Gözlerme deňledim dünýäň ahwalyn, Aýatlaryn ýat bekledim Kuranyň. Agşamlaşdym, ýagyşlaşdym, aglaşdym, Şu gün irdenleýşi ýaly Suraýyň. Men bir lapykeçiň romantikasy, Asmana baş bermän, ýerde dörän men. Size ýeriň astynda-da peý bermen, Ynanmadyk gelip, ölüp göräýsin. Men bir bagty gelen tragediýa, Tiken men biwepaň dodagna çümen. Gar aklap bilmeýär gara maňlaýy, Gar däl men, betbagta gowşurlan çemen. Däli bolup, akyp ýatyr hakykat, Ala düşen başlar yranmaýarlar. Gara çynym bilen öwünjek şu gün, Barybir maňa hiç ynanmaýarlar. Eziz AMANNAZAROW. | |
|
| |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 2 | |
|
| |
