09:37 Rubagylar | |
Galam gaşly, gara gözli, gara gyz, Gözi ýaşly, ýürejigi ýara gyz, Sen gamlanma, gara bolup doglanňa, Dünýe-de garalýar dura-bara gyz. * * * Hasratlardan serhoş bolup ýaňradym, Ajylardan çykyp süýjä barmadym. Binamysa gargynç ýokmaz ekeni, Ýogsa öz-özüme öl diýp gargadym. * * * Sen degmeseň, degmedikleň degermi, Emma, men almadym kişiň geregni. A ol gyz "ogrudan ogurlasaň bor" Diýdi-de meň alyp gitdi ýüregmi. Eziz AMANNAZAROW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
