09:26 Toba | |
Haýyş edýän! Men gaýtadan dolandym, Derwezeden kowmaweriň yamaşgan! Öňler menem şeýle täsin oguldym, İndem täsin günälerim kän, bagyşlaň! Wagt bolsa-da düşünere, aňlara, Dolanara wagt tapmady ykmandaň. Men günä gazandym agşam aglara, Säher sogap çöplemeklik hökmanka. Seresap bolmadym çakanaklarda, Ebtime-de eylemedim esewan. Şeýtan nebsim görüp çapak çalardy, Puşman boldy çözülmedik meseläm. Gapy kakýar ruhum kapasasyndan, Ýogsa jan jesetden elin üzerdi. Açyldy derweze ýaňaklarymdan, Günbatarda şapak bolup gyzardy. Eziz AMANNAZAROW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||
