16:04 Men bagt diýlende soňa düşünýän | |
|
Sen elewreýäň, hars urýaň çar ýana Bagtyň asyl manysyna düşünmän. Janym sagat, demim rahat alýan-a Men bagt diýlende şoňa düşünýän. Gezip ýör gör niçe, baýlyga gyzyp Nebsine haý diýmän, serhetden ozup Hanha otyr ejem-kakam çaý süzüp, Men bagt diýlende şoňa düşünýän. Saklap bilsem abraýymy, şanymy Ilim üçin gaýgyrmasam barymy Ýoldaş etsem ömür söýen ýarymy Men bagt diýlende şoňa düşünýän. Belli dälem entek näçe görjegim Perzent görsem. Görsem ilki ýörjenin Nesip etse görmeklige geljegin Men bagt diýlende şoňa düşünýän. Tiz islemen, bolubersin az-azdan Name bolsa bolubersin saz-sazdan Köp bagtym bar eken, barmak sanardan Men bagt diýlende şoňa düşünýän. Ylham GURBANALYÝEW. 2021. | |
|
| |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
