16:10 Men bardyryn uzaklarda | |
|
Gitdiň göwün sähradan nowbahar dek, Dönseň yza - umyt gapym ýapylmaz. Goparlan güle döndim, solup barýan, Täzeden ekjek bagbanam tapylmaz. Dag başynda eremeýän gar ýaly, Ýalňyzlyk asla gitmedi başymdan. Diýdim özüme: öňkiň dek şat bolgun, “Dertlerim il okamasyn daşymdan”. Çöküp barýan jümmüşine ummanyň, Halas etjek diňe sensiň ýeke-täk. Ýürek kenaryňa barjak ýol bilen, Ýürek bilen söhbet etjek ikiçäk. Ýadaman ýüregiňe barmak üçin, Böwet bolmaz, ählije duzaklar-da. Seniň bilen aglap, seň bilen güljek Bir jan bar, men bardyryn uzaklarda. Ylham GURBANALYÝEW. 2020. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
