00:19 Men dünýäň aşygy | |
|
Men aşyk, Bu gözel dünýäň aşygy, Gözlerim hemişe barlyga teşne. Meniň magşugymyň bir gowy ýeri, Ýok onda artykmaç näz-u-kereşme. Aslynda söýginiň nämedigini Maňa öwredenem dünýäniň özi. Hak syrdaşym – dostum dünýäň perzendi, Ýassykdaşym – söýgim dünýäniň gyzy. Aslynda, hyýaly pikirem däldir Perileriň, hüýr-melekleň barlygy. Ýöne dünýä maňa olary däl-de, Özüm ýaly öz perzendin baglady. Söýgi näme? Birje gyzmy aslynda? Ýok, ol müň gyzyňam çygryndan giňdir. Guşlar, Baglar, Çeşme, Siňňin ýagyşlar... Okuw, Işim, Köçe, Ýatlar-tanyşlar... “Salam!”, “Hoş geldiňiz!”, “Balam!..”, “Nemeler”... Dükan, Bazar... Hem köp sanly ş.m-ler – Bulaň bary dünýä bolan söýgimdir. Dünýäde ýaşamak üçin söýemok, Söýmek üçin ýaşaýaryn dünýäde. Her ädimde million sany sebäp bar Bu dünýäni söýmäge... | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
