20:51 Men Seni söýýän | |
Dagdan ynam bilen düşdüm yzyna, Daş dek ykraryma ömürlik uýýan. Iller näme diýse diýibersinler, Meniňki şol bir söz: - Men seni söýýän. Söýmek hem söýülmek ýüregiň derdi, Hersi bolup biler bu juwanlykda. Kimmişin ol meni söýeňok diýip, Seni aýyplajak biwepalykda. Ýöne rastyň diýmän gizlenseň eger, Gutulyp bilersiň. Öňünden duýýan. Diýerin men saňa bir ýerden jyklap, Meniňki şol bir söz: - Men seni söýýän. Garaňky gijeler azaşsaň ýalňyz, Menem gara gijä tutup ýüzümi. Duýdurman öňüňden çykaryn birden Hemem gaýtalaryn şol bir sözümi. Meni söýseň iki ýürek birleşip, Bir ýürek boljagyn öňünden duýýan Eger-de söýmeseň… Söýmeseň söýme. Meniňki şol bir söz: - Men seni söýýän. Halyl Kulyýew | |
|
| |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
