22:56 "Menem nalaç özgesine duşaryn..." | |
|
Gündizlerde şatlygymdan habar ýok, Gijeleriň mydam gussasy artyk Görnüşimden dertsizleriň biri men, Hiç kime habarsyz içimi ýyrtyp, Ýaşap ýörün... Ölme-de sebäp gözläp, Hem garaşyp gelerine melhemiň Nädip rahat gezýänimäm bilemok - Ynjydyp göwnüni sessiz ylhamyň?! Arzuwlarmyň möçberinäm bilmedim, Gimalaýdy... Ýok, ondanam beýikdi. Emelsiz awçydym ynama büdrän, Sen şol dagyň goýnundaky keýikdiň. Daşymdan saralan güýze meňzeýän, Buzluklaram gurşap barýar gursagym Menem nalaç özgesine duşaryn, Özge üçin urar seňem gursagyň Hakydaňdan gitmejegmi bilýärin Bilýän bir gün öýmä ýaşyň ezjegiň Ogryn-ogryn uzaklardan synlaryn, Ömür bolsa, bagtyň diläp gezjegim Ylham GURBANALYÝEW. 2022. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
