02:32 "Meni meger şahyr eden..." | |
Meni meger şahyr eden Seniň gara gözleriňdi. Meni meger jahyl eden Seniň şirin sözleriňdi. Sen bir asman – ýyldyz bary Göz gypyşýar, çekip zary. Gara zülpüň goşa tary Meger meni Tahyr eden. «Wysalyňa ýetsem» diýip, «Waspyň edip ötsem» diýip, «Armanym ýok gitsem» diýip, Özüň meni zahyr eden. Senden özge ýar gerekmes, Peri-peýker tar gerekmes, Çekdim zaryň, zar gerekmes, Mähriň başga mähirlerden. Meni meger şahyr eden, Seniň gara gözleriňdi. Meni meger jahyl eden Janym şirin sözleriňdi. | |
|
| |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
