15:43 Merhum dostumyñ gelnine | |
Ykbalyňa meňzeş däldi garaşmak, Seniň ýaryň uruşda-da ölmändi. Gidipdi iş bilen, gelerin diýip, Ýöne soň ýylgyryp öýe gelmändi. Ony getirdiler tabyda salyp, Tabydy dolduran seniň dünýäňdi. Ondan bäri ençe ýyllar geçse-de, Ýüregiň paralap, agyň diňmändi. Söz ýok, döz gelşiňe eýmenç ykbalyň Saňa peşgeş beren ezýetlerine. Özüňize nesip etmedik ak bagt Nesip etsin eziz perzentleriňe. Ýaryňdan ýadygär galan perzentleň, Atasy hem özüň, özüň enesem. Polat ýaly gaýalara deňärdim, Eger seni bir zat bilen deňesem. 1980 ý. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
