13:48 Sowuk söz | |
Böwsüp çykdyňmy sen, buzuň astyndan, Ine, şu sowala jogap ýok, jogap. Tene çümüp giren gyzgyn gülle-de, Ten-janda soň-soňlar ynjalýar sowap. Otly gülle girip, sowap ynjalsa, Sowuk söz sen, tene girýäň buz bolup. Dogry, gülle ýaly ynjalýaň senem, Giren ýüregiňde sönmez ot goýup. * * * Geldiňiz, eziz dostlar, Dar öýüm giňeltdiňiz. Melhem gerek ýüregime, Şatlyk bilen em etdiňiz. Gitdiňiz, eziz dostlar, Giň öýüm daraltdyňyz. Mährim sowadymyka?! Gelmäni azaltdyňyz. Muhammetmyrat MEREDOW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
