21:16 Tomusda gar küýsemen | |
(Täjik şahyrasy Gülruhsor Safiyewadan) Alkymyň gar diýýärsiň, Tomusda gar küýsemen. Sen maňa ýyldyz diýýäň, Näme ýyldyzlar ýaly Göz gyrpýanmy eýse, men. Sen maňa Aý diýýärsiň. Hem diýýäň tylla Günüm. Maňa beýle diýere - Men çaga däl-ä, düşün. Hemme üçin ýanar Gün, A men ýanyp bilmerin. Aý hemmä gülüp bakar, Men aý bolup bilmerin Indi maňa Aý diýme, Indi Günem diýmegin. Beý diýseň mümkin meniň Otly köýnek geýmegim. Men Günem däl, Aý hem däl, Ýyldyzam däl, Sen bagtyň. Diýseň-ä bagtym diýgin, Diýmeseň-de, hoş wagtyň. * * * Şol Aýly agşamda edipdik wada, Wadamyz boş çykdy, Aldadyk Aýy. Senden doýman, ýellenipdir gabaklar, Säher ukusyndan ganmadyk ýaly. Ýene geçip, meni otlara saldyň, Şatuduň astynda gujagyn geren. Indi ellem ellerinden berhizli, Täleýi ters gelip, göýdügen jeren. Doňup galan duýgularmy eretmän, Nirä geçip barýaň, natuwan bagtym. Men neneň oňaýyn saňa seretmän, Nowjuwan yşkyma bendiwan wagtym. Bilýän, sen meňki däl, Özgäniň bagty Bolsaň-da dur, syratyňdan ganaýyn. Bagt bilen hoşlaşmak jebir bolsa-da, Biraz dur-la, bir seredip galaýyn. Muhammetmyrat MEREDOW. | |
|
| |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
