13:54 Moda hakda modasyz goşgy | |
![]() Saç-sakgal, Dyrnak – hyna, Ýa añry-bärijik asynmak boýna, Alym bolmaklyga nobata durmak, Aý, ol ýöne… Paşmak-gulakjyn, Köýnek-balak, Başdan-aýak, Ondan ulukjyn, Barybir bu zatlar az bolýar juda – moda. Ýylgyrmak – moda, Dul galmak – moda, Gowja bolmak – moda, Deýýuslyk – moda, Kibtiñ gysyp Gün görmek busup – moda, Betnamlyk – moda, Biparhlyk – moda, Bigamlyk – moda, Ýaşamak – moda, Öýe daşamak – moda. Ýañy gözün açyp dünýäni gören Diýer: «Maña-da Maña-da» diýmek – moda. Modañ özi – moda, Moda garrasa – kada… Bu edil, Pul – Haryt – Pul, Kada – Moda – Kada, Moda – Kada – Moda. Modalar ýürege düşäýýär käte, Ýalñyşýarmykam men, dostlarym, ýa-da?! * * * Bu gün deñiz ýaraşdy El ýetmez kenar bilen. Emaý bilen ýanaşdy Döşi daşly ýar bilen. Tapmady ýar göwnüni Düýn möwç urup, möwç urup. Bu gün ýary görmeli, Tolkunlara öwdürip. Suw ýüzi keşdelener Tolkunlar pyşyrdanda. Pyşyrdylar eşdiler Güýçlüler ýuwaşanda. Bu gün deñiz asuda, Gizläp ahyn-ahmyryn. Deñiz ýatan şor suw däl, Deñiz janly ahyryn. Günüñ beren dürlerin Kenaryna getirýär. Sandyradyp gollaryn Ýene ýolun ýitirýär. Gözel kenar ýokarda Deñiz üçin eletmez. Gara deñiz çukurda Barybir süýnüp ýatmaz. * * * Ýagşy zatlar az hem bolsa, Kän diý. Höwri köp bolsun. Ýaman zatlar kän hem bolsa, Az diý. Goý, ol ýok bolsun. • ARY Penjireden girip ary Çykyp bilmän hälden bäri Urunýar, gelýär gahary, Wah, mahaw ary! Çykjak bolýar erkinlige, Tokaýa ýa ekinlige. Şireli güllere gonjak, Gül açan baglara gonjak. Dyzaýar, gözleýär deşik, «Wyzlaýar» ýürege düşüp. Golaýna bardygyñ çakar, Barmasañ, ol nädip çykar? Urýar özüni her ýere, Ýogsa, açyk-la penjire. Aýna urnup halys boldy, Meniñ oña haýpym geldi. Howa maýyl, gün çykyp dur, Meýdana köp gül çykypdyr, Emelsiz, akmajyk ary, Öýñüzi taparmyñ beri! Açaýyn men äpişgäni, Saklamaly işleýäni. Bar, ary, balary bolmasa, Bal bolmaz, güle gon, bal ýasa! * * * Bigünä çagaka alyp adam at, Epigramma üçin döredilen zat. Ony-muny çyrşar misli bir eser, Özüne güýmenje tapypdyr ýeser. Başy tüýjümegräk, akyly köse, Tebigatyñ kinaýasy bu eýse. Onda gezekleşip gelýär: selçeñ-syk, Seýregräk duş gelýän dykyzja samsyk. Bapba GÖKLEŇ. | |
|
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |