09:49 Pyşyrdylar | |
Pyşyrdylar, pyşyrdylar, Sizi çöpläp üýşürdiler, Paýladylar gapy-gapy, Şeýdip, aşa düşürdiler. Pyşyrdylar, pyşyrdylar, Sizi gaty çişirdiler, Çişirdiler ýamanñyzy, Ýagşyñyzy ýaşyrdylar. Pyşyrdylar, pyşyrdylar, Sizi juda üýşürdiler, Ýakdylar ýamanlyk odun, Soñ özleri üýşendiler. * * * Nadan najyrar eger, Çörek ýetse agzyna, Eden-etdilik eder, Emel ýetse azgyna. Hasapsyz zat ýok herne Ynsap baryn ýazarmyş. Erksizlikde ejizlän, Azatlykda azarmyş. Bir laýyk tap tapylmaz, Ne beýle sen adamzat. Horluk hem hezil bermez, Meslik berer köp azap. Bapba GÖKLEÑ. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
