14:00 Sen meniň alma-narymsyň | |
Men muny gaýtalap ýörmen, Men muny mydam aýtmaryn. Bu sözi gursagña ýörme, Bu sözlerim aýgytlydyr: Sen meniñ alma-narymsyñ Hem meniñ arym-namysym. Men mydam bolman ýanyñda, Ýadyñda bolaýyn mydam. Sen meni ýatlap ýadañda, Bu sözlerim bolsun mydar: Sen meniñ alma-narymsyñ Hem meniñ arym-namysym. Men borun ýanyñda mydam, Şu mydam ýadyñda bolsun! Bardy-geldi dolsa kazam, Sen menden ýadañda dolsun: Sen meniñ alma-narymsyñ Hem meniñ arym-namysym. * * * Ol mahallar gara saçym ösgündi, Gezerdim dünýäniñ soñuny saýman. Hudaýyñ öñünde nädir ýazygym?! Seni maña neçün, neçün gysgandy? Sensiz şindem dem berip ýör bu pany, Yşykly dünýäden elim sowady. Öçdi umyt, öçdi gursagyñ ody, Ne gany bar, ne jany bar, ne many. *** Rifma – ritm. Garym-gatym, Bu çetin. Tankytçylar edil tank, Dat ýetiñ! Hiç zat ýok. Tolgunmañ! Boljak iş bolupdyr, indi howlukmañ, El degirip, görkün bozmañ suratyñ. Gündiz sagat 12, Gün öz ýerinde. Ýerem – Bagy-erem. Gözüñizi açyñ bir kerem. Şahalaryñ arasyn aç – Ýalañaç Öli. Gorkmañ ölüden. Ýöne weli, Galam göni Ondan ötri, Günäsini geç öñünden, Ol ýatan gyz, Namysy alnyp, ýerine Hasrat goýulan. … Bir ýowuz alamat gezýär durmuşda. Bapba GÖKLEŇ. | |
|
| |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
