09:21 Mona Liza | |
"Pariž täsirleri" goşgular toplumyndan Pariž, Luwr, Dym-dyrslyk, ýok gowur. Gözellik ýitmeýär, ýaşaýar baky. Geçse-de asyrlar, niçeme döwür. Bu ýerde ýaşaýar bir ajap gözel, Ýöretmändir ýyllar oña hökmüni. Telpek goýduk, garramandyr, aperin, Bäş asyry arka atypdyr göni. Müñlerçe göz bu gözele baglanan, Aşyk ýigit kimin garrysy, ýaşy. Ol bolsa ýylgyrýar şeýle bir täsin, Göz öñüne getirýär näzli kuýaşy. Ol gözeliñ Mona Liza ady bar, Bendi etdi meni onuñ saçlary. Misli giñ umman deý jadyly gözler, Tüýs ajaýyp gyýma gara gaşlary. Neçün ýylgyrýarsyñ, eý Mona Liza, Ýeri, näme diýjek bu täsin gyza?! Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
