09:52 Nämüçin?!. | |
Set müň, set müň, set müň leşgeri bilen, Ýurtbasarlar uruşýarlar nämüçin? Asuda oturan iliň, Üstüne abanýarlar. Gyrýarlar, Gyrylýarlar. Bir-birekden bu dünýäni, Nämüçin gabanýarlar? Ýöne weli üstün çykýar ýaragdan, Halkyň gahar-gazaby. Ýitýär şonda ýurtbasaryň Leşger hasaby. Napoleon bilenem şeýle bolupdy, Şeýle bolup-da Gitler bilenem. Gara toprak gyzyl gana dönüpdi, Milýon, milýon şirin janlar sönüpdi. Şeýle boljagyny bilse-de duşman, Nämüçin, nämüçin etmeýär puşman?! Adamzat döräli bäri dünýäde, Ýurtbasarlar oňuşmaýar nämüçin?! Nämüçin?! Nämüçin?! Nämüçin?! Belki, bu-da Ýaradanyň emridir, Tükenýänçe munda adam tohumy, Adamlary adam gelip gemredir. Niçe “akylly men” diýse-de ynsan, Barybir ol iýip ýör öz pohuny... Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |

