23:29 Nirede sen, jenanym? | |
|
Görküň gözelleriň gözelleriň gözünden gözläp, Tapmadygym, nirede sen, jenanym?! Eziz adyň ýürekde has ezizläp Sakladygym, nirede sen, jenanym?! Umyt baglap, söýgi diýilýän güýje, Ahyr bir gün çykar diýip netije, Obaňyza sary gijeden gije Gatnadygym, nirede sen, jenanym?! Näçe diýseler-de: “Agtaran – tapar”, Seni gözläp nirä ýollaýyn çapar?! Ýaňaklaň apalap, ah, ýeke sapar Öpmedigim, nirede sen, jenanym?! Ýada düşýär, gözläň borduň kemimi, Indi beri tapdyňmykaň deňiňi. Gitseň-de ýürekden söýgiň çaňyny Kakmadygym, nirede sen, jenanym?! Ýa söndümi söýgiň mukaddesligi, Toba, görkezmesin beýle pesligi. Gollaryň arasyn bagtyň mesgeni Çakladygym, nirede sen, jenanym?! Takdyryma kän ýalbara, ýalbara, Gözlesem-de siňdiň gitdiň ýyllara. Döndüň duýgulamda doňan dilbere, Ak maralym, nirede sen, jenanym?! 17. 05. 2011 ýyl | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
