13:44 Nohur dilim | |
|
Daglar ýaly gojaman sen, Ene dilim – nohur dilim. Ne şirin sen, ne zyban sen! Ene dilim – nohur dilim. Merdanlaryň dag dili sen, Bal garylan ýag dili sen. Şady-horram çag dili sen, Ene dilim – nohur dilim. "Baýnyç“ diýýäň sallançaga, "Titi“ diýýäň bala çaga. "Äräh“ diýýäň han araga, Ene dilim – nohur dilim. Söküp Buhara, Hywany, Eýran, Turany, owgany... Köp görensiň jeň-gowgany, Nohur ilim, nohur dilim. Ynjydanlar az däl ýaly, Seniň bilen saz däl ýaly. Ýöne göwünleň ýazlany- Ene dilim – nohur dilim. Duşman raýyndan gaýtaran, Galkan, ýaýyndan gaýdyran. Kelet dagyndan taýdyran, Ene dilim – nohur dilim. Çaňy çykmaz ýekeleriň, Goý, köpelsin ekelerim. Seniň bilen bekelerin, Nohur ilim, nohur dilim. 19.05.2016. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
