22:37 Ogrynyñ ölümi | |
|
Il içinde ogry adyn alanyň, Günleriň bir güni doldy kazasy. Ugratmaga garry geldi, ýaş geldi, Maýyp geldi elinde-de hasasy. Gajaryň sygyry, Patmaň eşegi, Şalyk ýaşulynyň aýgyr öküzi, Äşäniň horazy... sanaňda näme, Eýsem, munda kimiň düzüw dokuzy? Aýal-ebtat üýşdi bary bir jaýa, Hemmeleriň başlarynda çabydy. Jowranmadyk ýok bolsa-da arada, “Eý, waý!” diýip, göterdiler tabydy. Göterip barýanyň biri Gajardy, Biri Şalyk ýaşulynyň ogludy. Biri Äşäň, biri Patmaň körpesi... Barybir il bu babatda dogrudy. 17.10.2020. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||
