23:17 Ogurla meni! | |
|
Gel, bu hyýallamdan ogurla meni, Gel, didäm, halas et meni özümden. Ýogsam günäkäri özüň bolarsyň Bu gubardan bölek-bölek bölünsem. Peýläp ýörme tüm gijeden amaty, Gel-de, süýr günortan ogurla meni. Bu ogurlyk bilen amal edersiň Dünýäniň iň uly dogrulygyny. Hiç kim günälemez ogurlygyňy, Men bolsa ömürlik alkyş okaryn. Çünki şeýdip halas edersiň, dünýäm, Bu kalby – gümürtik oýlaň mekanyn. Gyr kökün bigerek ýaýdanjaňlygmyň, Howsalamyň ýatan ýerin oýup git. Al, baryny, ýöne ýekeje zady – Enem üçin yhlasymy goýup git. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
