08:04 Ojak oýlanmasy | |
|
Kerkawderäň çeşmesiniň başynda Oturyp çay içdim gara tüňçeden. Şirin owazyny diňläp çynaryň, Hem suwa batyryp iýdim külçeden. Atam synlan daglaryny synladym, Meýmiredim müň ýaş arça astynda. Atam ýören gaýalardan ýöredim, Käkilikleň gezmedim men kastynda. Ýadymda ir bilen ojak başynda, Üýşüp çaý içerdik köze çoýunyp. O döwürden, näme, müň ýyl geçipmi? Dur bu gün ojagyň ýeri oýulyp! Maşyn geçse tos-tozana öwrülen, Onuň ýaşan köçesini ýatladym. Ýöne weli atam elleri degen Tünegini, keçesini tapmadym... 21.09.2019. | |
|
| |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
