06:15 Ölmeseñ... | |
|
"Ölmeseň—garrarsyň“ diýen atamyz, Indi niçe ýyldyr aramyzda ýok. Bar wagty galamyz polat galady, Ýöne şo-ol berklik galamyzda ýok. Hersi aýry ataň zürýady ýaly, Biz—gardaşlar, indem barýarys garrap. Eteginde namaz okabermeli— Diýmen. Ýaşany bar ömrüni harlap. Garran çagym garry öýi küýsedim, Başga ýurt dur garry öýüň ýerinde. Derwezeden garap, garap dolandym, Gaý turdy, harasat gopdy serimde. "Ölmeseň—garrarsyň“ diýen atamyz, Düýşüme giripdir o gün arada. El uzatdym, elim galdy howada, Köňül gam-gussada, misli ýaradar. Gardaşymdan gorap bilmän halyňa, Garry göwün neçün indi ýyglaýaň. Alyslarda gözden ýiten atamyň Ýetjek bolup yzyn yzlap ylgaýan... | |
|
| |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
