20:23 Örtenmek | |
|
Nerkez gözleň bilen jadyla meni, Ömrüm boýy çylmaýyn jadydan. Hakyt, öwür meni doňňara daşa, Ýöne beýdip salyp ýörme oda sen. Ýa ýalka, ýa ýazgar – saýla birini, Öňümizde duran goşa ýodadan. Ýöne beýdip örtäp ýörme, garagöz, Eger çynym, sepillikden ýadadym. Ýalkasaň ýaz bolup güllärin, Bilýän, Ýazgarsaňam... Nätjek, gyşa dönerin. Haýsyn saýlasaň-da öýkeläp durman, Esasy zat, Şu dertden-ä dynaryn. 8. 09. 2011 ýyl | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
