11:08 Otly geler | |
Otly geler. Durar sakga, Perrona ýaýrar mähelle. Bar pikirim bir sen hakda, Söýsem - galany jähennem. Jähennem - ýaşaýyn karza, Jähennem - bolmasyn pulum. Söýgiñ sygsa bolýar kalba, Hem bolmasa bolýar ölüm. Galannyñ bor bir alahy, Bolsam bolaýyn bergili. Eý, meñ söýgimiñ galasy, Ýürek damarmyñ ergini. Sensiz agyr meñ ahwalym, Sen dälsiñ taýy ejiziñ. Meniñ üçin şu wokzalyñ Bar manysy sen, ezizim. Durdymuhammet GURBANOW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
