06:28 Seni söýmedim | |
|
Gyz, seni söýmedim, Eger söýsedim: Oklap men özümi ýüz-müň hyýala, Bar gussamy nar deý aýamda sykyp, Meý edip içerdim guýup pyýala. Gyz, seni söýmedim, Eger söýsedim: Zergäri bolardym şol sary Aýyň. Bir nika ýüzügi ýasap bererdim, Oňa gözlerimiň nurundan çaýyp. Gyz, seni söýmedim, Eger söýsedim: Seň üçin şahyr däl, Bolardym lukman. Hem seň gije geljek ýoluňa çykyp, Ýüregmi ýyldyz dek ýakardym hökman. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
