14:22 Oýlanma | |
|
Delmirip durmadym, hörpüňe garşy Uçgun diýdiň, uçdum menem pelpelläp. Atamyň lejigen paltosy ýaly, Duýgularym ga:lyp barýar göwşülläp. Melamat ýapamok söýgüňe, emma, Yşgyň gözüm baglap, içirdi meýin Indem serhoş bolup köňül köşgümde, Lapykeç otyryn keseki deýin. Bildim ýagty günleň uçursyz gadryn, Gül-gülzar göwünden röwşen gidende Nakys bolup durka serde pikirler, Nam-nyşan galarmy böwşen bedende?! Düme ekilmändi ekilen yşgym, Jurga-jurga gözýaş damdyrma petden. Şugün-erte ýowar bolar dünýämde, Gyrçaryn ýatlamalary bir çetden. Ylham GURBANALYÝEW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
