20:09 Özüme | |
|
Ine, ýene-de bir, ýene-de bir gün, Heniz on alty ýyl geçdi ömrümden. Täze sepgitlere açylyp her gün, Heniz köp geçmeli zorly öwrümden. On alty ýyl ajap geçdi, sap geçdi, Söýdüm, söýüldim, gamlandym, güldüm. Ömrüm maňa şygryň gapysyn açdy, Şeýdibem, ýuwaşdan şu güne geldim. On ýedi ýaşymda söýgi derdini, Başymdan geçirýän, geçer-de durar. Dostlardan saýlaÿan mydam merdini, Olar meñ daşyma berk gala gurar. Ömrüm haçan tümlük içine girer, Belli zat ýok, belki erte, has soňra. Öläysek kim yatlar, kim gadyr biler? Kim bolsa yzymdan diýer, masgara. Isa HOJAMERDANOW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
