07:52 Perzent we bagt | |
Perzent dünýä indi bir sähetli gün, Ata-enäñ guwanjy sepleşdi gitdi. Ene indi bagty gelen gelindi, Ata indi bagty gelen ýigitdi. Ozalky mähirler has goýalyşdy, Är-aýal bir-birne içgin boluşdy. Iýilýän naharlañ tagamy artdy, Gözler söýgi bilen mähir alyşdy. Arlyklar ýuwulup, serildi güne, Şöhle sypalady olañ ýüzüni. Gundag bagy öwrüldi-de kemende, Halka bolup, dañdy bagtyñ özüni. Bagt her näçe urunsa-da, bolmady, Örke boýun boldy sypjyk gylygy. Babek gapdalynda mekan eýledi,- Saçaga elendi yrsgal elegi. Şyhymyrat ABDYLLAÝEW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
