22:04 Rubagylar | |
|
Birsalym boldum gorkuda, Gezdim bir köne hyrkada. Gördüm mes şama-şaýyrdy, Görmedim adam arkada. 04.06.2023. *** Kalbymdaky aýdymym siz gazalym, Siziň azaryňyz meniň azarym. Bir haýyşym “Göwni aýry” diýmäňler, Siziň mazaryňyz meniň mazarym. 06.06.2023. Bal diýeniň bilen bal bolmaz, balam, Ot-iýmsiz har bolar daglarda malam. “Gury sözden palaw bolmaz” diýleni, Boş söz bilen ile salmagyn talaň. 08.06.2023. *** Aý, Güne tagzymyň her gün bagt bil, Özüň üçin gurlan täji-tagt bil. Garga gagyldysyn eşdip durmagam, Özüň üçin berlen pursat – wagt bil. 07.06.2023. *** Käte düşüp pis adamyň toruna, Adam özün atýar durmuş goruna. Diýdi biri: “Gardaşyňdan äge bol, Gardaş döküp biler awy törüňe!”. 06.06.2023. *** Gaty gitdi biri, durmady çende, Il zadyn ogurlap gezdi ol gende. Herki zadyň başy, soň ahyry bar, “Gapana düşüpdir – diýdiler – bende”. 06.06.2023. *** Şükür Huda, gördüm çowluk, agtygy, (Elli ýaşda ýitirmişem bagtymy). Saç-sakgalym agarypdyr bimahal, Bir gözeliň dulugymda şarpygy... 06.06.2023. *** Oglun söýüp, ejesini terk etdi, Zalym göwün niçik muňa erk etdi. Bigäne biriniň gujagyn peýläp, Garamaňlaý öz-özüni kürk etdi. 07.06.2023. *** Ataň gadyryny bilmediň başda, Enäni ynjytdyň, diýdiler: “Ýaş-da!” ... Indi olar uzakda, Indi olar daşda... 08.06.2023. *** Ýylan ýasadylar, şir ýasadylar, Özlerine duşman ir ýasadylar. Meniň halamaýan Hojagulymdan— Oba ogrusyndan pir ýasadylar. 08.06.2023. | |
|
| |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
