15:40 Rubagylar | |
|
Ölden ýasap pahnasyny, Külden ýasap sahnasyny, Görüň, ýigdiň “paýhasyny”, Görüň, ýigdiň sähnesini... 29.09.2020 *** Bu-da tebigatyň bir döredeni, Agzy, burny, gözi, ýerinde teni, Ýöne beýnisinde otyr şeýtany, Horlap nätjek muny, Aparaý pany!.. 29.09.2020 Bir kişi bar – çynyň aýtsaň kör eder, Oturan ýeriňi dowzah köz eder, Ile-güne göz eder, Ýurduň tozadar. “Eý, Allam, nämeler samraýan?” diýip, Oýlanyp otyrkam, kakyldy gapy. Görsem, ýetim goňşym eken, Köşeşdim. Çyn eken gorkanym gaty!.. 30.09 –11.10.2020. RUBAGY “Ştangaçy”-- at alanyň köpüsi, Olar üçin açyk “şöhrat” gapysy, Çyn zehiniň baýrak bilen işi ýok, Körzehiniň arkasynda apasy... 11.10.2020. *** Eýsem az boldumy däli halatym, Orta ýolda büdüredi ak atym. Ýitirdim özümi, tapdym özümi, Şeýde-şeýde öz-özümi tanadym... 11.10.2020. *** Ýarygije oýanyplar taň etdiň, Süýji ukudadym, maňa jaň etdiň. Şum habara werdiş bolan ýüregim, Bu gezegem howsalamy jar etdim. 12.10.2020. Gadymýetiň niçeme geň zadyny, Görüp diýdim: “Ertekimi, jadymy?”’ Jan beripdir gaýalara, daglara, Atam ýazyp bilmese-de adyny... 13.10.2020. • IKILEME Daşdan gelen çapmaz eken bagyňy, Içden gözle mydam ýürek agyňy. 11.10.2020. | |
|
| |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
