21:01 "Şahyr bolçulygynda şygyr gytçylygy" diýen makalanyñ awtory Durdymuhammet Nuralyýewe duýgudaşlyk | |
Janyñ ýakma, däl-ä bagyr azapdan, Derýa boýlap, düre-sadaba ýetmez. Pysyrdaşyp uçjak bolşy güzapdyr, Bagdat aşýan şahyr hatara ýetmez. Ýagşy söze aşyk gülli maýlary, Duýman göriplige berlen aýlary, Haçan görseñ gurulgydyr ýaýlary - Ýöne bir gezegem atara ýetmez. Alawa aýlanyp bilmän tütünden, Nyrhyn sorar ýörer... gidip getirmez, Hamyrmaýalary ajan setirler ~ Başa iş düşende kepene ýetmez. Hiç zady ýüzüne almaýan bolsa, Aryny ýerine salmaýan bolsa, Halaly, haramy bilmeýän bolsa ~ Düýrme gylja ýetmez,sapana ýetmez. Ynsan ýaly kyn öwrümli sowat ýok, Jahan çaýkananda, oña böwet ýok, Hyrawanyñ harmanynda döwek ýok ~ Mülk edinip, mekan tutara ýetmez. Sallary gaýdyşyp, etmese toba, Ene ýere meñzäp, gelmese taba, Toýlarda-ýaslarda geçmese sana, Gardaş, olar ata-götene ýetmez. Baýram JÜTDIÝEW, Türkmenistanyñ halk ýazyjysy. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 2 | |
|
| |
