07:55 Şahyryñ göwün ýüwürtmesi | |
|
Ömrüm boýy gazananym – aýdymlam, Galar meniň gidenimde yzymda. Hiňlenerler joşgun bilen aşyklar, Hem ýüz ýaşly oglum, naçar gyzym-da. Bir ölmejek aýdym goýdum yzymda, "Ir säher, giç agşam ýaňlansyn!“ diýip. Ol dogduk mekanym Könekesirde, "Bäş ýaşly gowlugym hiňlensin!“ diýip. Dagda goýun bakan çopan hiňlener, Hiňlener dagly gyz – çeşmäge gelen. Bu aýdymy aýtman durup bilmezler, Myhman bolup munda gyşlaga gelen. Harwar-harwar baýlygymy däl-de, men, Aýdymlarmy öz yzymda goýaryn. Gulagyma eşidilse bir owaz, Men özümiň barlygymy duýaryn. 17.12.2017. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
