12:41 Saňa duşmazdan ozal | |
|
Adatydy atýan daňlar Adatydy ötýän günler Üýtgeşigem däldim öňler Saňa duşmazdan ozal... Dönüp döwülen penjirä Ýatyrdy kalbym ýeljiräp Açmady güllem gunçalap, Saňa duşmazdan ozal... Duýmandyryn hiç, çep ýanym Urgusy bagta çekýänin Görmändir köp zat ykbalym, Saňa duşmazdan ozal... Gussalar gelip çakanda, Yzalar ömri ýakanda, Ýok ýalydym men jahanda, Saňa duşmazdan ozal... ********** BARYBIR SENI SAÝLARYN Bagta itip ýalňyz güni Barybir seni saýlaryn Ökündirip ýalňyzlygy, Barybir seni saýlaryn. Bir üýtgeşik ahwal bilen, Ýörün arş-u-asman bilen Uruş edip ykbal bilen, Barybir seni saýlaryn. Arzuwlarmy atsalaram, Umytlarmy ütselerem Iýse iýsin gussalaram, Barybir seni saýlaryn. Meňzäp güýzüň ýapragyna, Razy yşgyň ýakmagyna Garylýançam topragyma, Barybir seni saýlaryn. Ylham GURBANALYÝEW. 2022.11 | |
|
| |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
