14:37 Sen ýok | |
|
Sen ýok-indi günem nuryn saçanok Sen ýok-reňkli dünýäm ýitirdi reňkin Günlerem öňkisi ýaly geçenok Indi guşlaram hiç uçanok erkin Indi ýuwaş-ýuwaş dünýämden ýiter Seniň sadalygyň, Seniň päkligiň Daýaw däldim, Emma öňkiden beter Ejiz goýdy, dünýämde seň ýoklugyň Gözledim gözlerňi özge gözlerden Käşge tapabilsem ýeke meňzeşlik Biz söýgüni gözlemändik sözlerden Biz mydam ýürekler bile sözleşdik Sensiz öter bahar, tomus, güýz, gyşam Emma şükür goýnunda men pelegiñ Ýaşaryna şükür edermiş guşam Ýitirse-de ganatyny-ýelegin Ylham GURBANALYÝEW. 2021 ý. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
