Bir wakajygy yadyma saldy. Bir aýal maşgala bilen hemişe bile naharlanýardyk. Özümiziñ bellän kafemizde. Bir gün kafe bardym welin, gelmän eken. Kim diýsemkäm tabakdaşym). Onsañ "Sen geleñokmy entek" diýip, sms ýazdym. Yzyna "Men barmaýan" diýip garaşmadyk jogabym geldi. Nämüçin gelmeýäñ diýip sms ugratjak wagtym yene sms geldi. "Sen maña iyermenligim üçin "swinýa" diýip sögüp dursuñ-a". Men saña hijem swinýa diýmedim, haçan diýipdirin? "Aaa, bilýän özüm, köpbilmişsiräp ýazanam bolýañmy "swn" diyen bolup" Bary belli boldy. Sen geleñokmy diýip yazanymda "e" däl-de gapdalyndaky "w" harp gidäýen bolsa nätjek. Hany düşündirip bilseñ düşündir-dä.