...Ganatsyzja uçmagyda Şatlyk, bagty guçmagyda Umyt öýin açmagyda Hiç zatsyz tutaşyp - sensiz, Ýene sensiz öçmegide... Ýene sessiz öçmegide... Ählisin senden öwrendim..!
Senli bahar, sensiz gyşdym Her gije düýşümde duşdym Aý nurly, gül keşbiň gördim Göreçlere bakdym Tapylmadyk, Hiç kimden tapylmajak Yşgymy tapdym Orhideýalarymy berdim... ...Öňler beýle däldim, Bu ukuby-da senden öwrendim..!
...Hiç kimde ýok gaýgylary, Hiç kimde ýok duýgulary, Hyýallary, arzuwlary - aldym Yşgyň meýin içip, sermest boldum, Düňle boldum Däli boldum Arşa uçup - Ýere girdim Deňze gaçyp - otda köýdim Bulary senden öwrendim Köpüsin tapyp öwrendim Käsini ýitrip öwrendim Göreşlerde ýaragymdyň Setirlerde galamymdyň Kapyýam, şygyr sözbaşy Täsin ylhamyň gözbaşy Ählisi sendiň! Ählisin Senden öwrendim..!
Ylham punktuasiýanyň düzgünlerini öwrense, goşgylary has hem gözel bolardy: "uçmaga-da", "guçmaga-da" we ş.m. sözlerde defis goýsa; ýüzlenme we sorag belgileri köpnokat bilen bile gelende, köpnokadyň öňünde goýsa, köpnokat bu belgileriň yzyndan gelip bir nokatyny ýitirýär. Eger-de, üçüsi bilelikde geläýen-de, onda şu yzygiderlikde bolmaly: "?!." Galamyň ýiti bolsun! Üstünlikler arzuw edýärin! P.S. Moderatora: gelýän materiallar ilki mazaly seljerilip çap edilse, saýtyň abraýy artardy.
Belligiñiz bilen ylalaşýan, Kakajan aga. Ilki awtorlyk berilen agzalary soñ ýene okyja düşürmegem gowy däl. Ylham bolsa, siziñ belläp geçen kemçilikleriñize üns bermezden aýagaldygyna goşgy goýýar. Wagt tapsam, özümem şeýle kemçilikleri redaktirleýän, düzedýänem welin, hemmesine wagt aýyrmak, paýlaşylýan materiallara yzygiderli gözegçilik edip durmak mümkin däl, kyn bolýar. Awtor agzalar saýtyñ materiallarynyñ goýluş düzgünlerine (rubrikada kiçi harplar bilen goýlup, eseriñ tekstdäki adynyñ baş harp bilen ýazylyşyna, awtoryñ adynyñ soñundan - aşakda goýulýandygyna we ş.m gaýry ownuk düzgünlere), bildirýän talaplaryna (iñ bärkisi sene ýazylanda 2023.01 ýaly däl-de ilki gün, aý, ýyl yzygiderlilikde - ýagny, şular ýaly 12.02.2023 ý görnüşde ýazylýandygyna çenli) üns berseler gowy bolardy.
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär. [ Agza bol | Saýta gir ]