17:59 Ses geldi | |
|
Köpelipdir edebiýat ogrusy, Ogry gözleň ogurlykda gözleri. Gyrp-çyrp etdi Pyragydan, Nepesden, Käte hem Ezizow bolup sözledi. Gol goýdular iliň ýazan zadyna, Şöhrat geler diýip "şöhrat adyma“, Nälet okadylar ýakyn-ýadyna, Şöhrat näme, nälet sözi pes geldi. Ýazmadyk zadyňa "ýazdym men" diýmek, Göterýän kelläňde "şaryk kem“ diýmek, "Nowaýy, Ferdöwsi, Saady kim?“ diýmek, "Eý, waý!“ diýip, mazarlardan ses geldi. Bardyr goşuk ýazyp berýän guluňyz, "Şahyr men!“ diýenler, budur günüňiz! Para-peşgeş horjunynda puluňyz, Ahyrynda hasabyňyz ters geldi... 26-29.05.2018. | |
|
| |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||
